Turkmenportal logo
17.08.22
83818381
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly türgenler Wladiwostokdaky ýaryşa gatnaşar

5 ― 8-nji sentýabr aralygynda Wladiwostok şäherinde VII Gündogar ykdysady maslahaty geçiriler. Çäräniň maksatnamasyna sport ýaryşlary hem girizildi. Olaryň hatarynda «Kolmar» kubogy ugrunda mas-restling boýunça halkara ýaryş we milli köpugurly göreşi boýunça ýaryş hem bar.


Sakha Life neşiri bu barada Ýakutiýanyň sport ministrligine salgylanyp habar berdi.


Ýaryşlara türkmenistanly türgenlerden başga-da, Angolanyň, Ermenistanyň, Braziliýanyň, Müsüriň, Gaitiniň, Hindistanyň, Eýranyň, Nigeriýanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Slowakiýanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşar.