Turkmenportal logo
16.08.22
76607660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen işewürleri Türkiýedäki gastronomiýa sergisine çagyrylýar

Şu ýylyň 2 — 11-nji sentýabrynda Türkiýäniň Izmir şäherinde «Terra Madre» ady bilen gastronomiýa sergisi geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde habar berlişi ýaly, oňa türkmenistanly işewürler hem gatnaşmaga çagyrylýar.


Bu sergi, adatça, Turinede (Italiýa) «Slow Food» atly iri azyk jemgyýetiniň ýolbaşçylygynda her ýylda iki gezek guralýar. Çäräniň maksady oba hojalygynyň, balykçylygyň we iýmit önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmakdan, olaryň durnuklylygyny saklap galmakdan ybaratdyr.


Sergi bilen gyzyklanýan türkmen telekeçileri maglumat almak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna aşakdaky telefon belgisi arkaly ýüz tutup bilerler:


+993 12 39 89 08.