Turkmenportal logo
10.08.22
1995219952
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde 9-njy awgustda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirildi.


Oňa döwletiň garamagyndaky we hususy kärhanalar gatnaşyp, iş gözleýänler bilen ukyplaryna görä gürrüňdeşlik geçirdiler. Bu çärä diňe TSTB-niň 45 agzasy gatnaşdy. Döwlet kärhanalarydyr edaralaryndan bolsa Aşgabat dokma toplumy, «Ahalenergo» önümçilik birleşigi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwlet sirki we beýlekiler bar.


«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar berşi ýaly, çäre iş gözleýänler üçin köpugurly mümkinçilik boldy.