Turkmenportal logo
06.08.22
64066406
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bawariýa» «Aýntrahta» alty gol urdy
Surat: sport.ua

«Aýntraht»-«Bawariýa» oýny bilen Germaniýanyň bundesligasy badalga aldy. Açylyş oýnunda Ýewropa ligasynyň çempionynyň myhmany bolan bundesliganyň häzirki çempiony «Bawariýa» garşydaşyny 6-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda mýunhenlilerden Kimmih (5 min), Pawar (10 min), Mane (29 min), Musiala (35 min, 83 min) hem-de Gnabri (43 min) tapawutlandylar. Ýer eýesiniň ýeke-täk jogap topuna bolsa Muani awtorlyk etdi.


6-njy awgusta bundesliganyň birinji tapgyrynyň ýene 6 oýny geçiriler. Olaryň tertibi bilen aşakda tanşyp bilersiňiz:
«Bohum»-«Maýnz»;
«Augsburg»-«Fraýburg»;
«Wolfsburg»-«Werder»;
«Union»-«Gerta»;
«Borussiýa» (Mýunhengladbah)-«Hoffenhaým»;
«Borussiýa» (Dortmund)-«Baýer».