Turkmenportal logo
02.08.22
14921492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kentukkide sil joşmasyndan 37 adam heläk boldy
Surat: asiaplustj.info

ABŞ-nyň Kentukki ştatynda bolan suw joşmasyndan pida bolanlaryň sany 37-ä ýetdi, bu barada ştatyň gubernatory Endi Beşir habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


Beşir ýene-de köp adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi, ol şeýle hem raýatlara sebitde ygal ýagmagynyň güýçlenjekdigi barada duýdurdy.


Geçen hepdede Kentukkide güýçli çabga ýagdy. Ol ştatyň günorta-gündogaryndaky öýleri gark etdi. Käbir etraplarda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.