Öňde duran futbol möwsüminde «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy ýurduň futbol janköýerlerine ýene bir ajaýyp sowgat taýýarlaýar. Angliýanyň Premýer-ligasynyň her hepdedäki iň gyzykly duşuşyklaryna mundan beýläk hut şu ýaýlym arkaly türkmen dilindäki teswir bilen tomaşa edip bolar.
Angliýada 2022/23-nji ýyllaryň futbol möwsümine 5-nji awgustdaky «Kristal Pelas» ― «Arsenal» duşuşygy bilen badalga berler.
Şeýle hem «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň Seria A, Bundesliga, Çempionşip, Liga 1, Premýerşip ligalaryndan hem duşuşyklay göni ýaýlymda ýetirjekdigini habar berýäris.
Turkmen TV saýtyna salgylanyp, ýaýlymda şu hepde göni ýaýlym arkaly tomaşa edip boljak duşuşyklaryň tertibi bilen tanyşdyrýarys:
T/b
Senesi
Çempionat
Duşuşyk
Başlanýan wagty
1
05.08.2022
Angliýanyň Premýer-ligasy
«Kristal Pelas» — «Arsenal»
23:55
2
06.08.2022
Angliýanyň Premýer-ligasy
«Fulhem» — «Liwerpul»
16:25
3
06.08.2022
Angliýanyň Premýer-ligasy
«Tottenhem Hotspur» — «Sautgempton»
18:55
4
06.08.2022
Bundesliga
«Borussiýa Dortmund — «Baýer 04»
21:25
5
06.08.2022
Liga 1
«Klermenon» — «Pari Sen-Žermen»
23:55
6
06.08.2022
Şotlandiýanyň Premýerşipi
«Hibernian» — «Harts»
15:55
7
07.08.2022
Angliýanyň Premýer-ligasy
«Mançester Ýunaýted» — «Braýton end Houw Albion»
17:55
8
07.08.2022
Angliýanyň Premýer-ligasy
«Wes hem Ýunaýted» — «Mançester Siti»
20:25