Turkmenportal logo
01.08.22
1671416714
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Aziýanyň çagalarynda» ýene bir bürünç medaly gazandy

Erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen gyz Selbi Zahyrowa Russiýada geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 50 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.


Ýaryşda altyn medala russiýaly türgen Margarita Ýarygina, kümüş medala bolsa özbegistanly Husniobod Sultannazirowa mynasyp boldy.


Türkmenistanly türgen Oýunlaryň resmi saýtyna beren interwýusynda özüniň ilkinji gezek halkara derejeli ýaryşa gatnaşyp görýändigini aýtdy. Türkmenistan erkin göreş boýunça ýaryşlara bäş türgen bilen gatnaşýar. Sport bilen iki ýyldan bäri meşgullanyp gelýän Selbiniň eýýäm halkara ýaryşda bürünç medal eýelemegi uly üstünlikdir.