Turkmenportal logo
31.07.22
71527152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Real» ABŞ-da «Ýuwentusdan» üstün çykdy

Täze möwsüme ABŞ-da taýýarlyk görýän La Liganyň we Seria A-nyň ägirtleri «Real» bilen «Ýuwentus» düýn özara duşuşyk geçirdiler.


Duşuşykda hasap 19-njy minutda Benzemanyň 11 metrlik jerime urgusyndan soň «Realyň» peýdasyna açyldy. 69-njy minutda bolsa Marko Assensio Hesus Walýehonyň özüne geçiren pökgüsini ajaýyp urgy bilen gola öwürdi. Şeýlelikde, Karlo Ançelottiniň şägirtleri ussat tälimçiniň watandaşlaryndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.


Madridiň «Realyň» möwsümiň bosagasyndaky ahyrky ýoldaşlyk duşuşygyny 10-njy awgustda «Aýntraht» bilen geçirer. «Ýuwentus» bolsa 7-nji awgustda «Atletiko» bilen güýç synanyşar.