Turkmenportal logo
29.07.22
57545754
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gümrük kodeksine «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak ýörelgeleri girizildi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýakyn wagtda ähli etaplarda söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegine getirjek «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli iş alyp barýar.


Indi bu ulgam Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde kanuny taýdan berkidildi, ýagny «Eks­port-im­port amal­la­ry üçin bir pen­jire» ulgamy düşünjesi girizildi. Bu ulgam «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň üsti bilen bir wagtyň özünde bir gezeklik resminamalaryň we (ýa-da) maglumatlaryň dolanyşygynyň elektron görnüşde amala aşyrylmak mümkinçiligini üpjün edýär.


Bu Kanuna girizilen goş­ma­ça­lar «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.



Şeýle-de okaň: