Turkmenportal logo
27.07.22
68696869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, GDA-nyň kanuny we beýleki guramalarynda Türkmenistanyň hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Belarusyň paýtagtynda geçirilen GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.



Duşuşygyň dowamynda 13-14-nji oktýabrda Nur-Sultanda (Gazagystan) geçiriljek Daşary işler ministrleri geňeşiniň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň yzygiderli mejlisleri üçin meýilnamalar düzüldi.


GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň gün tertibindäki 17 meseläniň arasyndaky «Arkalaşygyň sport paýtagtlary» Döwletara maksatnamasy, 2023-nji ýyl üçin GDA-nyň çäginde köptaraplaýyn ministrlikara geňeşmeler meýilnamasy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi bilen bagly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.