Turkmenportal logo
26.07.22
1369813698
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Owganystan suwuklandyrylan tebigy gazyň importy barada şertnama baglaşdy

Owganystan Türkmenistan bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada «Khaama Press» habarlar gullugy habar berýär.


Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň habaryna görä, Haýraton, Akina we Turgundy gury ýer portlary arkaly ýurda gaz saklaýjylar bilen birnäçe müň tonna gaz iberiler.


Habarda bu ylalaşygyň türkmen tarapynyň wekilleriniň Owganystanyň nebit-gaz korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda gazanylandygy bellenilýär.


Türkmen gazynyň eksporty netijesinde Owganystanyň içerki bazarlarynda suwuklandyrylan gazyň bahasy ep-esli peseler.