Turkmenportal logo
23.07.22
53955395
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de dostlukly döwletiň ähli halkyna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gutlag hatynda Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.