Turkmenportal logo
20.07.2022
1114511145
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Roma» Paulo Dibala bilen şertnama baglaşdy
Surat: Sports.ru

Paulo Dibala italýanlaryň «Roma» toparynyň oýunçysy boldy. Bu barada RIA Nowosti klubuň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.


Argentinaly oýunçy «Ýuwentus» bilen şertnamasy gutarandan soň, «möjeklere» erkin agent hökmünde goşuldy.


28 ýaşly Dibalanyň «Roma» bilen üç ýyllyk şertnama baglaşandygy bellenildi. Ol täze toparynda 21-nji belgidäki köýnekçede çykyş eder.


Geçen möwsüm Rim kluby Ýewropadaky üçünji derejeli ýaryş hasaplanylýan Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy.