Turkmenportal logo
19.07.22
86338633
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanjak senesi mälim edildi
Surat: David Mark с сайта Pixabay

2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlary 14-nji iýulda badalga alyp, 28-nji iýulda tamamlanar. Bu barada Bäsleşigiň guramaçylyk komiteti resmi saýty arkaly habar berdi.


Los-Anjelesdäki Paralimpiýa oýunlary bolsa 2028-nji ýylyň 15-27-nji awgusty aralygynda geçiriler.


Maglumat üçin, 2028-nji ýylda XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryny Los-Anjelesde geçirmek baradaky karar Halkara olimpiýa komitetiniň 2017-nji ýylda Lima şäherinde geçirilen 130-njy sessiýasynda kabul edilipdi. Şunlukda, Los-Anjeles bäsleşigiň geçiriljek wagtyndan 11 ýyl ozal ony kabul etmäge hukuk gazanan taryhdaky ilkinji şäher bolupdy.


Ýeri gelende bellesek, Los-Anjeles 2028-nji ýylda üçünji gezek tomusky Olimpiýa oýunlaryny özünde kabul eder. Mundan ozal dörtýyllygyň iň abraýly ýaryşy 1932-nji we 1984-nji ýyllarda bu şäherde geçirilipdi.