Turkmenportal logo
18.07.22
1133411334
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda pensiýa gatançlaryny onlaýn tölemek ýola goýuldy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýurduň raýatlaryna indi döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň gatançlaryny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýty arkaly onlaýn töläp bolýandygyny SMS habarnamasyny ibermek arkaly mälim etdi.


Munuň üçin web saýtyň «Sanly hyzmatlar» bölümine girip, «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen bagly tölegleri onlaýn tölemek» diýen düwmäni basmaly.


Pensiýa gatançlaryny saýtda habasa durmak arkaly, şeýle-de telefon belgisi ýa-da elektron poçta salgysy boýunça töläp bolýar.