Turkmenportal logo
15.07.22
1933119331
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Belarusdaky raýatlary üçin ýörite howa gatnawyny guraýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 18-nji iýulda Belarusdaky raýatlarynyň Watanyna dolanmagy üçin ýörite howa gatnawyny guramagy meýilleşdirýär diýip, «Atavatan Türkmenistan» žurnalynyň elektron neşiri habar berýär.


Habarda bellenilişine görä, bu howa gatnawy «Minsk» döwlet howa menzilinden Türkmenabadyň Halkara howa menziline amala aşyrylar.


Ýatladyp geçsek, Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylyň martynda koronawirus pandemiýasy zerarly togtadylypdy.