Turkmenportal logo
01.07.22
76517651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Telekeçilere pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýurdumyzyň telekeçilerine 2022-nji ýylyň birinji ýarymynyň pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlandygyny ýatladýar.


"Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli pensiýa gatançlaryny töläp bilersiňiz.


Degişli bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda çap edildi.