Turkmenportal logo
27.06.22
41704170
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mercedes-Benz elektrokary zarýad bermesiz 1202 kilometr geçdi

Täze Mercedes-Benz Vision EQXX 1202 km aralyk geçip, zarýad bermesiz geçilen aralyk boýunça rekord goýdy.


Awtokonserniň habar bermegine görä, bu görkeziji elýeterli bolan beýleki ähli elektromobilleriňkiden artykdyr. Awtomobil bu aralygy ortaça tizligi 83 km/sag bilen 14,5 sagatda geçdi. Ýoluň käbir ýerlerinde awtomobil sagatda 140 km-de çenli tizligini artdyrdy.


Mir24 neşiriniň habar bermegine görä, elektrokar 100 km-e ortaça 8,3 kWt/sag sarp etdi. Nemes awtoulag öndürijisinden bu täzelik häzirki wagtda işjeň ýagdaýda synagdan geçirilýär. Mercedes-Benz Vision EQXX awtoulagynyň 2024-nji ýylda önümçilige goýberilmegine garaşylýar.