Turkmenportal logo
25.06.22
3967439674
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça ýörite howa gatnawlaryny guraýar
«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça ýörite howa gatnawlaryny guraýar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýakyn günlerde Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça üç sany ýörite ýolagçy howa gatnawyny guraýar diýip, Atavatan Türkmenistan internet neşiri habar berýär.


Bu ýörite howa gatnawlary 2022-nji ýylyň 27-nji hem-de 30-njy iýunynda, şeýle-de 3-nji iýulynda guralar.


Bellesek, Türkmenistan bilen Türkiýänyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary koronawirus pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy.


Iýun aýyndan başlap «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkiýeden Türkmenistana we yzyna gatnaw ugry boýunça ýörite howa gatnawlaryny hepdede bir gezek ýerine ýetirýär.