Turkmenportal logo
14.06.2022
13191319
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystany ähli koronawirus çäklendirmeleri ýatyrýar
Surat: tazabek.kg

Saud Arabystanynyň hökümeti ýurduň içinde koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen ähli çäklendirmeleri ýatyrýandygyny mälim etdi. Bu barada düýn ýurduň Içeri işler ministrligine esaslanyp, SPA habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.


Indi Mekgedäki Uly metjitden we Medinedäki Muhammet pygamberiň metjidinden beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmak hökman däl. Köpçülikleýin çärelere barlanda, awiauçuşlarda we jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylar üçin sanjym alnandygy barada güwänamany görkezmek ýa-da ýokanç barlagyndan geçmek gerek bolmaz diýip, «Trend» ýazýar.