Turkmenportal logo
13.06.22
96129612
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada agyr jenaýat üçin kazyýet jogapkärçiligine çekilenlere jemgyýetçilik ulaglarynda işlemegi gadagan edýän Kanun kabul edildi

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan Russiýada birnäçe agyr we aýratyn agyr jenaýatlary üçin kazyýet jogapkärçiligine çekilip, aklanmadyk şahslara taksi, awtobus, tramwaý, trolleýbus we ýolagçy hem-de ýük daşamaga niýetlenen ulaglaryň sürüjisi bolmagy gadagan edýän kanun güýje girer.


Degişli Kanuna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gol çekdi. INTERFAX.RU neşiriniň habaryna görä, orta agyrlyk jenaýatlary üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatlara-da taksi sürüjisi bolup işlemek gadagan edildi. Mundan başga-da, bu başlangyç, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystany öz içine alýan EAEU agza ýurtlaryň raýatlary bilen iş şertnamalaryna hem degişlidir. Jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi baradaky güwänamany görkezmedik işgärler bilen zähmet şertnamasy ýatyrylýar.