Turkmenportal logo
13.06.22
89338933
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ýaş hünärmenler üçin hukuk işi boýunça ýörite okuwlar tamamlandy

Aşgabatda geçen ýylyň oktýabr aýynda başlanan hukuk mugallymlar hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ugurdaş hünärleriniň 4-5-nji ýyl talyplary üçin niýetlenen halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuw sapaklary tamamlandy.


Okuw sapaklary Adalat ministrliginiň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirildi.


Türkmen we iňlis dillerinde geçirilen bu okuw sapaklarynda halkara arbitraž doktrinasy, halkara we milli hukuk binýady, şeýle hem kazyýet tejribesi, arbitraž işiniň tapgyrlary, treteý kazyýetini döretmegiň düzgünleri, kazyýet işlerini maliýeleşdirmek we subutnamalary ýygnamak ýörelgeleri, kazyýet diňlenişiklerini guramak we başgalar ara alnyp maslahatlaşyldy.


«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, okuwyň diňleýjilerine üstünlikli tamamlandyklary üçin şahadatnamalar gowşuryldy.