Turkmenportal logo
11.06.22
1032610326
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstraliýa garşy duşuşyga Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň üç oýunçysy gatnaşyp bilmez

Sary kart sebäpli Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň esasy düzümdäki üç futbolçysy Awstraliýa bilen boljak duşuşyga gatnaşyp bilmez. Olar goragçy Döwran Berdiýew, hüjümçi Meýlis Diniýew we toparyň kapitany Welmyrat Ballakowdyr.


Bu futbolçylaryň üçüsi hem Katar bilen bolan duşuşykda ýaryşdaky ikinji sary kartyny aldylar.


Şeýle hem Awstraliýanyň hüjümçileri Kusini Ýengi bilen Tristan Hemmond sary kart sebäpli Türkmenistan bilen boljak duşuşygy sypdyrmaly bolarlar.