Turkmenportal logo
11.06.22
40624062
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstraliýa ― Türkmenistan duşuşygynda katarly eminler işlär

Aziýanyň kubogy ― 2022-niň çärýek finalyndaky Awstraliýa ― Türkmenistan duşuşygynda katarly eminler işlär.


AFK-nyň ştab-kwartirasyndan habar berlişi ýaly, duşuşygyň baş emini FIFA derejeli Salman Ahmad Falahi bolar. Oňa meýdanyň iki gyrasynda watandaşlary Ýusuf Al-Şamari bilen Zaha Snaid Alşammari ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Mohanad Kasym Isi Sarreý (Yrak), inpektory Wladislaw Seýtlin (Özbegistan) we komissary Ali Homud Al-Naimi (Katar) bolar.