Turkmenportal logo
09.06.22
64126412
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanly žurnalistrler «MediaCAMP Award 2022» sebitleýin bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Oňa döwlet we döwlete degişli däl habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, möhüm kontentleriň awtor-esaslandyryjylary, foto we wideožurnalistler gatnaşyp biler.


Bäsleşige 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli aralykda islendik görnüşde rus ýa-da milli dilleriň birinde (gazak, gyrgyz, täjik, türkmen, özbek...) ýerli garaşsyz ýa-da döwlet metbugatynda çap edilen iş bilen gatnaşyp bolýar.


Ýüztutmalar şu ýylyň 5-nji iýunyna çenli kabul ediler.


Degişli anketany doldurmagyň we eserlere baha bermegiň şertleri internews.kz web saýtynda düşündirilýär.


Bäsleşigiň netijeleri şu ýylyň sentýabr aýynda «MediaCAMP Fest»-iň çäginde yglan ediler.