Turkmenportal logo
09.06.22
20502050
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Real»: Mbappe bolmasa, Jesus

Mbappe ahyrky pursatda transferden ýüz öwren hem bolsa «Real» şu tomusda hüjüm bölegi üçin bir güýçli transferi amala aşyrmakçy.


«GOAL Brasil» neşiriniň ýazmagyna görä, bu Karlo Ançelottiniň hut özüniň talaby. Italiýaly tälimçi ýolbaşçylara «Mançester Sitiniň» hüjümçisi Gabriel Jesusy maslahat berdi.


Öz gezeginde «şäherliler» hem hüjümçini satmaga garşy däl. Ol Hosep Dwardiolanyň täze möwsüm üçin meýillerine girmeýär.


Öňräk hüjümçi bilen «Arsenalyň» gyzyklanýandygy hem aýdylypdy. Munuň üçin klub 50 million ýewro tölemäge razy hem boldy. Ýöne «şäherliler» hüjümçi üçin 60 million ýewro isleýär. Bu puly bolsa Karollyk kluby töläp biler.


Maglumat hökmünde ýetirsek, 25 ýaşly hüjümçi geçen möwsümde topar bilen 41 duşuşyga gatnaşdy. Ol bu duşuşyklarda 13 gezek tapawutlandy, 11 goluň bolsa ýardam pasyny berdi.