Turkmenportal logo
04.06.22
49284928
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-niň çärýek finalyna çykdy

Şu günler ýaşlaryň arasynda futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «A» toparçasynda Özbegistanyň ýygyndysy katarly futbolçylary 6:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, ýerli ýygyndysy ýaryşyň çärýek finalynda çykyş etmek hukugyna eýe boldy.


Ikinji tapgyrda Eýrany 2:1 hasabynda ýeňen türkmen futbolçylarynyň hem indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini saklap galýandygyny ýatladýarys.


Indiki tapgyryň ykbaly 7-nji iýunda geçiriljek Katar ― Türkmenistan, Özbegistan ― Eýran duşuşyklaryndan soň kesgitlener.


Häzir Türkmenistanyň ýygynysy katarly we eýranly futbolçylardan 2 utuk öňde. Şonuň üçin hem 7-nji iýunda boljak duşuşykda olary deňlik hem kanagatlandyryp biler.