Turkmenportal logo
21.05.22
62076207
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Çipollino baradaky erteki orkestriň gatnaşmagynda ýerine ýetiriler

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boljak «Orkestrli erteki» çykyşyna gatnaşyp bilerler.


Dabarada tomaşaçylar Resul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda hem-de aktýor Wasiliý Andronowyň okamagynda görkeziljek Janni Rodariniň «Çipollinonyň başdangeçirmeleri» atly ertekisine tomaşa ederler.


Bu erteki ýaş tomaşaçylar üçin aýratyn sowgat bolar.


Dabara 12:00-da hem-de 14:00-da başlanar.


Petekleri satyn almak üçin şu telefon belgiler arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 22 38 98; 51 41 57; 863 46 71 77; 864 03 74 56.


Sogan-oglanjyk baradaky bu täsin ertekini italýan ýazyjysy Janni Rodari geçen asyryň ortalaryna ýazdy. Eserde Çipollino baýlaryň garyplara garşy edýän rehimsizligine hem-de adalatsyzlyga garşy göreş alyp barýan batyrgaý gahryman bolup çykyş edýär.