Turkmenportal logo
20.05.22
46874687
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-20) Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklarynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berdi.


Torbalaryň ýaşlar ýygyndylarynyň AFK-nyň reýtinginde eýeleýän ornuna görä düzülendigini ýatladýarys. 24-nji maýda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek bije çekişlik Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 13:00-da başlanar. Dördünji torba wekilçilik edýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygynysy Singapuryň, Gündogar Timoryň, Maldiwleriň, Bruneýiň, Şri-Lankanyň, Laosyň we Nepalyň ýaşlary bilen bir toparçada ýaryşmaz.


Torbalaryň ýagdaýy şeýle:


1-nji torba: Saud Arabystany (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Täjigistan (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Indoneziýa (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Iordaniýa (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Koreýa Respublikasy, Katar, Ýaponiýa, Tailand, Awstraliýa, BAE.


2-nji torba: Yrak (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Oman (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Bahreýn (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Hytaý, Malaýziýa, Wýetnam, Taýwan, Eýran, Ýemen, Siriýa.


3-nji torba: Mongoliýa (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Gyrgyzystan (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Bangladeş, Hindistan, Mýanma, Liwan, Makao, Gonkong, Filippinler, Palestina.


4-nji torba: Laos (saýlama tapgyryň ýer eýesi), Türkmenistan, Singapur, Gündogar Timor, Maldiwler, Bruneý, Şri-Lanka, Nepal.


5-nji torba: Owganystan, Butan, Guam, Kuweýt, Demirgazyk Marian adalary, Özbegistan.