Turkmenportal logo
20.05.22
50395039
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmen teatr sungaty» festiwalynda sahna eserleriniň birnäçesi ilkinji gezek görkeziler

«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 21-25-nji maýy aralygynda Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» atly festiwal geçiriler.


Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky teatrlar festiwala täze oýunlary taýýarladylar. Festiwalyň dowamynda teatrlar tarapyndan taýýarlanan sahna eserleriniň birnäçesi ilkinji gezek görkeziler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, Aşgabatdaky teatrlarda şu aşakda sahna eserleri görkeziler:


  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

21-nji maý: «Nuhuň gämisi» 19:00.


  • A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

21-nji maý: «Kalbyň sesi» 15:00.


  • Türkmen Döwlet gurjak teatry:

21-nji maý: «Gyzyl alma» 12:00.


  • Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:

22-nji maý: «Watanyň buýsanjy — Jelaletdin soltan» 19:00.


  • Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

23-nji maý: «Ene» 19:00.