Turkmenportal logo
19.05.22
2494924949
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan indiki ýörite uçuşyň senesini yglan etdi

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Russiýanyň ilçihanasynyň ýardam bermegi bilen Aşgabat — Moskwa ugry boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram sahypasynda çap edildi.


Maglumata görä, T5-701 uçary ýerli wagt bilen 10:00-da Aşgabatdan Moskwa tarap ýola düşer. Uçar Domodedowa halkara howa menziline Moskwa wagty bilen 11:40-da barar.


Nobatdaky ýörite uçuş üçin awiapetekleriň satuwy 18-nji maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçalarynda başlady.


Ýörite uçuş bilen Russiýa uçmak isleýän daşary ýurt raýatlary ýokanç keseliň ýoklugy baradaky 48 sagatlyk lukmançylyk barlagyny netijelerini almalydyrlar.