Turkmenportal logo
07.05.22
1734717347
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Beýik watançylyk urşunda wepat bolanlary hatyralamak çäresi geçiriler
Türkmenistanda Beýik watançylyk urşunda wepat bolanlary hatyralamak çäresi geçiriler

9-njy maýda dünýäniň köp döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistanda hem Ýeňiş güni belleniler. 6-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini aýtdy.


Döwlet habarlar agentliginiň ýazyşy ýaly, 9-njy maýda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýlar we uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyz hatyralanar.


Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu çäreleriň döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy wakadygyny, şoňa görä-de, olaryň ýokary derejede geçirilmelidigini aýtdy.