Turkmenportal logo
30.04.22
20832083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tobi Maguaýr “Wawilon” filminde Çarli Çapliniň keşbini janlandyrar
Surat: film.ru

Režissýor Demien Şazelliň täze “Wawilon” («Вавилон») atly filminde meşhur aktýorlar Bred Pitt bilen Tobi Maguaýryň surata düşjekdigi belli boldy. Taryhy dramada “Möý-adam” filminiň ýyldyzy Tobi Maguaýryň ussat komik aktýor we režissýor Çarli Çapliniň keşbini janlandyrjakdygyny “film.ru” saýty habar berdi. Aktýor şeýle-de täze filmiň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar.


Filmde wakalar 1920-nji ýylyň aýaklarynda Golliwudda bolup geçýär we onda sessiz kinonyň ilkinji sesli kartinalary surata düşürmäge girişişi barada gürrüň berilýär.


“Wawilon” 2022-nji ýylyň dekabrynda ekranlara goýberiler.