Turkmenportal logo
21.04.22
1664816648
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýä ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

2022-nji ýylyň 1-nji maýynda Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.


Turkish Airlines awiakompaniýasynyň guramagy meýilleşdirýän ýene bir ýörite uçar gatnawy ertir, 22-nji aprelde Türkmenbaşydan Stambula uçar.


Türkmenistandan Türkiýä guralan soňky ýörite uçar gatnawy 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýerine ýetirildi. Bu barada «Turkmenportal» web saýtymyzda habar beripdik.


Bütin dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldygyny bellemek gerek.