Turkmenportal logo
20.04.22
14111411
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pele hassahana ýerleşdirildi
Surat: championat.com

Rowaýaty futbol oýunçysy Pele San-Paulu şäheriniň Albert Eýnşteýn adyndaky hassahana operasiýadan soňky barlag we gözegçilik üçin ýerleşdirildi diýip, INTERFAX.RU habar berýär.


Neşiriň ýazmagyna görä, bu meýilleşdirilmedik hassahana barlagydyr. Oýunçynyň ýakynlary onuň saglygy üçin biynjalyk bolara esas ýok, ýöne oňa yzygiderli barlagdan geçmek gerek diýýärler.


Öň dünýäniň üç gezek çempiony ýogyn içegede täze döremeleri aýyrmak boýunça lukmançylyk operasiýasyny başdan geçirdi we ol 2022-nji martynda öýüne goýberildi. Soňky ýyllarda Peleniň saglygy gowşaýar, mysal üçin, ol böwrek we peşew mäzi sökelliklerinden bejergi aldy.


Pele 81 ýaşynda. Öň onda aşgazanda, öýkende we bagyrda çişleriň bardygy anyklandy. Goja futbol oýunçysy San-Paulu şäheriniň ady tutulan hassahanasynda yzygiderli himiýa bejergisini alýar.