Turkmenportal logo
10.04.22
10401040
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Moody's” metallaryň çaklanylýan nyrhlaryny ýokarlandyrdy
Surat: iib.int

“Moody's” reýting agentligi esasy reňkli metallaryň we altynyň çak edilýän nyrhlaryna täzeden garady diýip, INTERFAX.RU ýazýar.


“Käbir metallaryň, şol sanda alýuminiň we nikeliň bahasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iň ýokary derejede gymmatlady, mis bilen sinkiň hem nyrhy gymmat bolmagynda galýar” diýip, bu wekilhananyň uly wise-prezidenti Barbara Mettos beýanat berdi.


Şunlukda alýuminiň bahasy öňdäki on iki aýda “Uly sekizligiň” agza döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmeginiň hasabyna bir funt üçin 1,3 amerikan dollary bolar diýip, çaklanylýar, öň bu görkeziji 1 amerikan dollar bolar diýip çaklanýardy.


Misiň bahasy bir ýyl üçin çaklamada bir funt üçin 4 amerikan dollary bolar, orta geljek üçin çaklamada bu san funt üçin 3-4 amerikan dollarynda saklanar, öň bu çaklamada nyrh 2,75-3,5 amerikan dollar bolar diýlip garaşylýardy. Bu metalyň dünýä bazaryndaky möçberiniň 4 göterimi Russiýa degişlidir.


Nikeliň öňdäki on iki aý üçin çaklanýan bahalanyşy bir funt üçin 7,5 amerikan dollary möçberindäki deslapky çak edilişinden indi 9 amerikan dollara çenli ýokarlandyryldy. Indoneziýada nikeliň önümçiliginiň kuwwatlylygynyň şu ýylyň ikinji ýarymynda görnetin artdyrylmagyna garaşylýar, bu bolsa metalyň nyrhynyň gymmatlamagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer diýip, agentligiň wekilleri çaklaýarlar.


2022-nji ýylda altynyň ortaça nyrhynyň çaklamasy indi bir unsiýa üçin 1,8 müň amerikan dollary bolar diýlip görkezilýär, öň bu nyrh 1,7 müň amerikan dollar diýlip çaklanylypdy.


Moody's wekilhanasynyň habarnamasynda çig malyň nyrhynyň gymmatlamagyndan metallurgiýa we dag-magdan gazyp alyjy kompaniýalaryň utuş gazanýandygyny bellenýär, emma şol bir wagtda häzirki dowam edýän syýasy krizisleriň senagat işjeňliginiň we metala hem-de polada islegiň pese gaçmagyna getirip biljekdigini hem aradan aýyrmaýarlar.