Turkmenportal logo
05.04.22
22192219
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa we Hindistan söwdany milli pulda alyp barmagyny giňeltmegi meýilleşdirýär
Surat: mir24.tv

Russiýa we Hindistan söwdany ýakyn geljekde milli pullarda giňeldip bilerler. Bu barada RF-niň bu ýurtdaky ilçisi habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.


“Hindiler üçin günbatarly hyzmatdaşlaryň terk edenini hasaba alanyňda, biziň bazarymyzda uly mümkinçilikler açylýar” diýip, ilçi Denis Alipow “Rossiýa-24” teleýaýlymyna beren interwýusynda belläpdir.


Öň Russiýanyň DIM-niň başlygy Sergeý Lawrow Russiýanyň Hindistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirjekdigini we energetika, derman önümçiligi we kosmos pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini mälim edipdi.