Turkmenportal logo
01.04.22
87068706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionatynyň bije çekişliginden öň: haýsy ýygyndy haýsy torbada?

Katar-2022 dünýä çempionatyna gatnaşjak 32 milli ýygyndynyň 29-sy belli boldy. Galan 3-si bolsa iýun aýyndaky pleý-off duşuşyklaryndan soň belli bolar.


Dünýä çempionatynda 32 ýygyndy 8 toparçada çykyş eder. Her toparçada 4 ýygyndy bolup, bijeler 4 torba esasynda çekiler.


Torbalar ýygyndylaryň FIFA-daky reýtingi esasynda kesgitlenilýär. Bije çekişlik ertir — 1-nji aprelde geçiriler.


1-nji torba: Katar (51, ýer eýesi), Braziliýa (1), Belgiýa (2), Fransiýa (3), Argentina (4), Angliýa (5), Ispaniýa (7), Portugaliýa (8).


2-nji torba: Meksika (9), Niderlandlar (10), Daniýa (11), Germaniýa (12), Urugwaý (13), Şweýsariýa (14), ABŞ (15), Horwatiýa (16).


3-nji torba: Senegal (20), Eýran (21), Ýaponiýa (23), Marokko (24), Serbiýa (25), Polşa (26), Günorta Koreýa (29), Tunis (35).


4-nji torba: Kamerun (37), Kanada (38), Ekwador (46), Saud Arabystany (49), Gana (60), Uels/Şotlandiýa — Ukraina, Peru/Awstraliýa — BAE, Kosta Rika/Täze Zelandiýa.