Turkmenportal logo
30.03.22
37323732
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Peruly futbolçylar dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin BAE-niň ýa-da Awstraliýanyň ýygyndysy bilen göreşer

Perunyň futbol boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionaynyň KONMEBOL (Günorta Amerika) boýunça saýlama böleginiň jemleýji tapgyrynda Paragwaýy 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk Lima şäherindäki Peru milli stadionynda geçirildi.


Şeýlelikde, peruly futbolçylar 24 utuk toplap, toparçada bäşinji orny eýelediler. Bu bolsa olara AFK-nyň wekili bilen saýlama duşuşygyny geçirmäge hukuk berýär. Yklymara saýlama duşuşygy 13-nji ýa 14-nji iýunda Doha şäherinde geçiriler.


Perunyň ýygyndysynyň aziýaly garşydaşy BAE-niň ýa-da Awstraliýanyň ýygyndysy bolar. Öz toparçalarynda üçünji orny eýeläp, Aziýadan bäşinji ýollanma üçin göreşi alyp barmaga hukuk gazanan bu iki ýygyndy 7-nji iýunda duşuşar. Olaryň ýeňijisi bolsa Perunyň garşydaşy bolar. Yklymara duşuşyň ýeňijisine ýa KONMEBOL-dan, ýa-da AFK-dan dünýä çempionatyna wekilçilik etjek bäşinji ýygyndy bolmak bagty garaşýar.