Turkmenportal logo
24.03.22
65446544
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa 2028-nji ýa 2032-nji ýylda futbol boýunça Ýewropa çempionatyny geçirmäge dalaşgär boldy

UEFA 2028-nji we 2032-nji ýyllardaky Ýewropa çempionatyny geçirmäge dalaşgär döwletleri paýlaşdy. Bu çempionatlaryň nirede geçiriljekdigi 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda yglan ediler.


2028-nji ýyldaky yklym ýaryşyny Angliýa, Demirgazyk Irlandiýa, Irlandiýa, Şotlandiýa we Uels bilelikde geçirmek isleýär. 2032-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty üçin bolsa esasy dalaşgär Italiýa görkezilýär.


Şeýle hem bu iki çempionat üçin Russiýa bilen Türkiýe-de öz dalaşgärligini goýdy. Ýewro ― 2024-iň bolsa Germaniýada geçiriljekdigini ýatladýarys.