Turkmenportal logo
24.03.22
1007410074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletjan Ýagşymyradowyň tutluşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow bilen amerikaly Toni Jonsonyň arasyndaky tutluşygyň geçiriljek şäheri we ýeri belli boldy. Bu tutluşyk 15-nji aprel güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki «SAP-sentr» ýapyk sport toplumynda geçiriler.


Bellator 277-niň çägindäki bu tutluşyk tölegli kabel ýaýlymyndan we «Showtime» teleýaýlymyndan görkeziler.


32 ýaşly Döwlet Ýagşymyradow Bellator bilen 2020-nji ýylyň dekabr aýynda şertnama baglaşdy. Ol bu gurama Türkmenistandan wekilçilik edýän ilkinji türgendir. Ildeşimiz henize çenli 18 tutluşykda ýeňiş gazandy, 7-sinde ýeňildi, birini bolsa deňlikde tamamlady.


38 ýaşly Toni Jonson bolsa karýerasynda 12 tutluşyk geçirdi. Ol bu tutluşyklaryň üçüsinde ýeňildi.