Şu ýylyň 22-23-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) sişenbe güni Yslamabatdaky parlament binasynda işe başlan 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar.
Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy «Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň bina edilmegi» şygary astynda geçýär. DIMG-niň 48-nji mejlisiniň başynda başlyklyk Pakistana geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, YHG-nyň baş sekretary Hisseýn Brahim Taha çykyş etdiler. Sebitleýin toparlaryň adyndan mejlisde Gazagystanyň (Aziýa topary), Tunisiň (Arap topary), Nigeriýanyň (Afrika topary) wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi öz çykyşynyň dowamynda şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda halkara synçylarynyň baha bermegine görä hakyky, erkin we bäsdeşlik ýagdaýynda ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilendigini habar berdi. Saýlawlaryň jemleri boýunça saýlawçylaryň sesleriniň 73% alan Onuň Alyhezretleri jenap Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti boldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi we Türkmenistana beren goldawy hem-de geçen saýlaw prosesiniň çäklerindäki monitoring işlerine YHG-nyň synçylarynyň işjeň gatnaşmagy babatynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdi.
Raşid Meredow parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň ýola goýulmagynda bitaraplyk syýasatynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, şu babatda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly kararnamanyň ähmiýetini belläp geçdi.
Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň döredilmegi baradaky Türkmenistanyň ýene-de bir başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy.
Mejlisde Owganystany goldamak meselesi babatyndaky Türkmenistanyň garaýyşlarynyň owgan meseleleriniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer aýratynlyklarynyň bitewiligine düşünmeklige esaslandygy bellenilip geçildi.
Foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty barada habar berildi.
