Turkmenportal logo
20.03.22
80848084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Azmun ilkinji gezek «Baýeriň» esasy düzüminde meýdana çykdy

Eýranly türkmen Serdar Azmun «Baýerde» ilkinji gezek esasy düzümde oýna girdi.


Has takygy, Bundesliganyň 27-nji tapgyrynda «Wolfsburg» bilen bolan duşuşykda 27 ýaşly hüjümçä esasy düzümde mümkinçilik berildi. Duşuşyk «Baýeriň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Eýranly türkmen 73 minut meýdanda galdy. Onuň topary «Bawariýa» we «Borussiýadan» soňra 48 utuk bilen üçünji orunda barýar.