Turkmenportal logo
18.03.22
95519551
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropanyň Çempionlar ligasynda çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

UEFA-nyň Nýon şäherindäki (Şweýsariýa) ştab-kwartirasynda Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi.


Ozal hem habar berlişi ýaly, çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 5-6-njy aprelde, jogap oýunlary bolsa 12-13-nji aprelde bolar. Şeýle hem UEFA ýarym finalyň ilkinji oýunlaryny 26-27-nji aprele, jogap duşuşyklaryny bolsa 3-4-nji maýa goýdy. Final duşuşygy 28-nji maý güni Pariž şäherinde geçiriler.


Bije çekilişigiň netijesinde çärýek final jübütleri:


«Çelsi» ― «Real»


«Mançester Siti» ― «Atletiko»


«Wilýarreal» ― «Bawariýa»


«Benfika» ― «Liwerpul».


Ýarym finallar


«Mançester Siti» ― «Atletiko» / «Çelsi» ― «Real Madrid»


«Benfika» ― «Liwerpul» / «Wilýarreal» ― «Bawariýa».