Turkmenportal logo
17.03.22
41024102
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanda taryhy tapyndylaryň sergisi açyldy
Surat: molbulak.ru

«Täjigistan — altyn derýalaryň ýurdy» atly bu sergi Täjigistanyň döwlet muzeýinde öz işine başlady. Sergi zalynda alty müň ýyldan gowrak döwrüň dowamynda täjik halkynyň gadymy hem-de baý taryhyny şöhlelendirýän 300 töweregi dürli görnüşli eserler köpçülige tanyşdyrylýar.


Sergi muzeýiň 680 inedördül metr meýdanyny tutýar. Bu ýerde meşhur taryhy ýadygärliklerden tapylan tapyndylar, esasan-da alty müň ýyllyk taryhy bar hasaplanylýan Sarazm we otparazçylyk ybadathanasy hökmünde tanalýan Tahti Sangin ýaly ýadygärlikleriň gymmatlyklary tanyşdyryldy diýip, «MIR 24» habar berýär. Serginiň iň gadymy eksponaty I bürünç eýýamyna degişlidir.


«Täjigistan — altyn derýalaryň ýurdy» atly sergi 25-nji aprele çenli dowam eder.