Turkmenportal logo
16.03.22
968968
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daniil Medwedew ATP-niň reýtingindäki birinjiligi bary-ýogy 14 gün elinde saklap bildi

Dünýäniň 1-nji raketkasy Daniil Medwedew ABŞ-nyň Indian-Uells şäherinde geçirilýän «Masters» tapgyryna girýän ýaryşyň üçünji tapgyrynda ýeňildi. Bu utulyş onuň reýtingiň birinji ornundaky ýerini hem elinden aldy.


Has takygy, russiýaly ýyldyz tennisçi ýaryşyň üçünji tapgyrynda fransiýaly Gael Monfisden asgyn geldi. Hut şu utulyş hem 28-nji fewrala çenli birinji orunda gelen serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçe tagty yzyna gaýdyp almak üçin ýeterlik boldy.


Ýaryşlara gatnaşmandygyna garamazdan, Jokowiçiň öňümizdäki duşenbede täzelenjek reýting sanawynyň birinji ornunda görkezilmegine garaşylýar. Medwedewiň bolsa eýeleýän ornuny saklap galmagy üçin Kaliforniýadaky ýaryşda azyndan çärýek finala çykmagy gerekdi.