Turkmenportal logo
14.03.22
36843684
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Şagadam» «Altyn asyrdan» kärendä alan futbolçylarynyň şertnamasyndaky möhleti uzaltdy

«Altyn asyryň» futbolçylary ― goragçy Resul Mahmudow bilen ýarym goragçy Mekan Aşyrow öňümizdäki futbol möwsümini hem «Şagadamda» geçirer. Kenarýaka şäheriň topary olary geçen möwsümiň başynda kärendä alypdy. Topar olaryň kärende möhletini ýene bir ýyl uzaltdy.


Bu barada Türkmenistanyň Futbol federassiýasynyň resmi saýty jogap berdi. Iki futbolçynyň hem täze şertnamasy şu möwsümiň ahyryna çenli dowam eder.


«Altyn asyryň» goragçylary «Şagadamyň» Türkmenistanyň çempionatyny geçen möwsümde üçünji orunda tamamlamagyna, şeýle-de toparyň ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolmagyna goşant goşupdylar.