Turkmenportal logo
14.03.22
12971297
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Mosfilmde” Ştirlisiň münen ulagy abatlandy
Foto: mir24.tv

“Mosfilm” kinostudiýasynda “Baharyň on ýedi pursady” atly nusgawy filmde baş gahryman Ştirlisiň münen “Mersedes” kysymly ulagy abatlandy diýip, “Westi” habarlar gullugy ýazýar.


IA-661125 belgili bu rowaýaty awtoulag 1938-nji ýylyň önümi bolup, ol Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda olja alnypdyr.


Rus aktýory Wýaçeslaw Tihonowyň janlandyran Isaýew-Ştirlisiň münen ulagynyň abatlaýyş işleri iki ýarym ýyla çekipdir. Indi ol täzeje, ýalpyldap dur.


“Mosfilm” kinostudiýasynyň garažynda dürli döwürlere degişli awtoulaglaryň 100-den gowragy saklanýar. Olaryň arasynda rus kinoçylarynyň döreden “Duşuşyk ýerini üýtgetmeli däl”, “Awtoulagdan ägä bol”, “Göwher el”, “Brigada” we “Tähran-43” atly meşhur filmlerde ulanylan awtoulaglar bar.