Turkmenportal logo
09.03.22
91429142
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň futbol ýygyndysyna wagtlaýyn baş tälimçi bellenildi
Gazagystanyň futbol ýygyndysyna wagtlaýyn baş tälimçi bellenildi

Andreý Karpowiç Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmäge girişdi.


Gazagystanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy milli ýygyndyny UEFA-nyň Milletler ligasyna taýýarlamagy 41 ýaşly hünärmene ynandy. Gazak ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Talgat Baýsufinow 2020-nji ýylda işden boşadylypdy.


Gazagystanyň ýygyndysy mart aýynda UEFA-nyň Milletler ligasynda iki duşuşyk geçirer. Olaryň ikisi hem Moldowanyň ýygyndysy bilen bolar. Bu duşuşyklar 25-nji we 28-nji martda oýnalar.


Andreý Karpowiçiň özi hem gazak ýygyndysynda iň kän duşuşyk geçiren futbolçylaryň ilkinji bäşligine girýär. Ol goňşy ýurduň ýygyndysynyň köýnekçesini 55 duşuşykda geýdi.