Turkmenportal logo
09.03.2022
59325932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat» topary düzümine tejribeli oýunçylaryň 9-syny goşdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynda çykyş edýän «Aşgabat» topary futbol çempionatynň oýunçylarynyň 9-syny düzümine geçirdi.


TFF-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňüsyrasy Aşgabadyň adybir topary geçen möwsümde «Ahalda» çykyş eden Nurýagdy Muhammedowy, Pirmyrat Sultanowy hem-de Baýjan Satlykowy düzümine goşdy.


«Altyn Asyryň» hüjümçisi Merdan Muhadow, «Energetigiň» hem-de «Şagadamyň» derwezeçileri Batyr Geldiýew bilen Sergeý Kuznesow, «Nebitçiniň» ýarymgoragçysy Merdan Gurbanow, «Energetigiň» oýunçysy Begmyrat Pirkuliýew, 2020-nji ýylda «Altyn Asyryň» ýaşlar düzüminde çykyş eden Begmyrat Arbatow hem hünär ýollaryny Aşgabadyň adybir toparynda dowam ederler.


Mundan başga-da, «Aşgabat» topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.


Belläp geçsek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň jemi boýunça «Aşgabat» topary toplan 13 utugy bilen altynjy orny eýeledi.